Standard & Poor's (S&P) Global Türkiyäniň ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy

Halkara kredit derejelendiriş guramasy Standard & Poor's (S&P) Global, 2024-nji ýyl Türkiyäniň ösüş çaklamasyny 3 göterime ýokarlandyrdy

2121018
Standard & Poor's (S&P) Global Türkiyäniň ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy

Standard & Poor's (S&P) Global ABŞ bilen ösüp barýan bazarlar üçin ýylyň 2-nji çärýeginde ykdysady görkezijiler habarnamasyny çap etdi. 

Habarnamada ABŞ-nyň ykdysadyýeti bilen baglanşykly zähmet bazarynyň berk durmagy sebäpli ykdysady ösüşiniň 2024-nji ýylda 2,5 göterim bolmagynyň garaşylýandygy mälim edildi. 

Habarnamada ösüp barýan ýurtlaryň jemi ykdysady ösüş çaklamasynyň 2024-nji ýyl üçin 4,1 göterimden 4,2 göterime, 2025-nji ýyl üçin bolsa 4,5 göterimden 4,6 göterime ýetirilendigi aýan edildi. 

Habarnamada Hytaý bilen bagly ösüş çaklamasy 4,6 göterim derejesinde goraldy, Hindistan üçin bolsa 6,4 göterimden 6,8 göterime çenli ýokarlandyryldy. 

Türkiye bilen bagly ösüş çaklamasy bolsa 2024-nji ýyl üçin 2,4 göterimden 3 göterime, 2025-nji ýyl üçin bolsa 2,7 göterimden 3 göterime ýetirildi. 



Degişli Habarlar