Türkiyäniň çaý eksporty ýylyň birinji çärýeginde 8,5 million dollara ýetdi

Türkiyäniň ýanwar-mart aýlary aralygynda amala aşyran çaý eksporty geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 20 göterim artyp, 8 million 555 müň 356 dollara ýetdi

2130789
Türkiyäniň çaý eksporty ýylyň birinji çärýeginde 8,5 million dollara ýetdi

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginden berilen maglumata görä, Türkiyede öndürilen çaý şu ýylyň ilkinji 3 aýynda 96 ýurda, awtonom we erkin zolaga eksport edildi. 

2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda 7 million 107 müň 943 dollar hökmünde hasaba alynan çaý eksporty, şu ýylyň degişli döwründe 20 göterim artyp, 8 million 555 müň 356 dollar boldy. 

Türkiyäniň çaýynyň geçen ýylyň ilkinji çärýeginde 1465 tonna bolan eksport mukdary, şu ýylyň degişli döwründe 1828 tonna ýetdi. 

Türkiyäniň çaýyna iň köp talap bildiren ýurtlar Belgiýa, Beýik Britaniýa we ABŞ boldy. 


Etiketkalar: #eksport , #çaý , #Türkiye

Degişli Habarlar