38 Ýurda Bal Eksport Edildi

Eksportdan 8 million 187 müň 58 dollarlyk girdeji gazanyldy.

2132064
38 Ýurda Bal Eksport Edildi

Türk baly üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde 38 ýurda eksport edildi.

Gündogar Gara deňiz eksportyçar bileleşiginiň görkezijilerine görä, dünýäniň bal önümçiliginde Hytaýdan soňky ikinji, eksportunda 16-njy orny eýeleýän Türkiýe, üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde 2 müň 133 tonna bal eksport etdi.

Ady agzalýan eksportdan 8 million 187 müň 58 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Bal eksportunda 2 million 477 müň 57 dollar bilen ABŞ birinji orunda, 2 million 38 müň 698 dollar bilen Germaniýa ikinji orunda, 538 müň 628 dollar bilen Ispaniýa bolsa üçünji orny eýeledi.

 


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #bal

Degişli Habarlar