Mehmet Şimşek: "Türkiyäniň ykdysadyýeti ynam döredýär" diýdi

Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek daşary ýurtly maýadarlaryň Türkiyäniň ykdysadyýetine ynanýandygyny beýan etdi

2131068
Mehmet Şimşek: "Türkiyäniň ykdysadyýeti ynam döredýär" diýdi

Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek ABŞ guran sapary barada Türkiyäniň radio we telewideniýe guramasy TRT beýanat berdi. 

Mehmet Şimşak durmuşa geçirýän ykdysady programmalary bilen daşary ýurtly maýadarlaryň Türkiyä bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny habar berdi. 

Struktutalaýyn özgertmeler bilen Türkiyäniň düzümini güýçlendirmäge dowam edýändiklerini aýdan Mehmet Şimşek, kredit derejelendiriş guramalarynyň hem Türkiye bilen bagly derejelendirmeleriniň oňyndygyny aýan etdi. 

Bazarlarda türk barlyklaryna uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýdan Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek: "Global maýadarlar Türkiyäniň ykdysady maksatnamasyna ynanýarlar" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar