Russiýa Finlýandiýa tebigy gaz eksportyny duruzdy

Russiýanyň energiýa kärhanasy Gazprom, Finlýandiýa tebigy gaz eksportyny dolulugyna duruzandygyny habar berdi

1830120
Russiýa Finlýandiýa tebigy gaz eksportyny duruzdy

Gazprom tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, finlýandiýaly tebigy gaz kärhanasy Gasum-yň Russiýanyň tebigy gazy üçin rubl görnüşindäki tölegini etmändigi mälim edildi. 

1-nji aprelden başlap rus gazy üçin tölegleriň rubl görnüşinde amala aşyrylmagynyň gerekdigi bellenen beýanatda, ady agzalan töleg ýerine ýetirilmändigi üçin Gasum kärhanasyna we Finlýandiýa tebigy gaz eksportynyň şu günden başlap dolulygyna bes edilendigi habar berildi. 

Gazprom geçen ýyl Finlýandiýanyň sarp eden tebigy gazynyň 70 göterimini eksport edipdi. 

Finlýandiýanyň Gasum kärhanasyndan düýn berilen beýanatda, tebigy gazyň şu gün kesiljekdigi we kärhananyň şol ýagdaýa taýarlyklydygy aýan edilipdi. 

Russiýanyň iň uly elektrik tok önümçilik we paýlanşyk kärhanasy Inter RAO hem geçen hepde öz gezeginde, töleg edilmänligi sebäpli Finlýandiýa mundan beýläk elektrik tok ugratmajakdygyny beýan edipdi. 



Degişli Habarlar