Türkiýeden 53 Ýurda Pomidor Eksport Edildi

Eksport sanawynda Russiýa birinji orny eýeledi.

1717190
Türkiýeden 53 Ýurda Pomidor Eksport Edildi

Türkiýeden 9 aýda 53 ýurda 264 million 771 müň dollarlyk pomidor eksport edildi

Günorta gündogar Anadoly eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, Türkiýeden üstümizdäki ýylyň ýanwar-sentýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 264 million 771 müň dollarlyk pomidor eksport edildi.

Pomidor eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17 göterim artdy.

Eksport sanawynda Russiýa birinji orny eýeledi.

9 aýda Türkiýeden Russiýa 47 million 652 müň dollarlyk pomidor eksport edildi.

Eksport sanawynda Ruminiýa 46 million 69 müň dollar bilen ikinji, Ukraina bolsa 31 million 101 müň dollar bilen Ukraina üçinji orny eýeledi.


Etiketkalar: #eksport , #Russiýa , #pomidor

Degişli Habarlar