THÝ Kanadadaky Üçünji Uçuş Nokadyna Uçar Saparlaryny Guramaga Başlady

THÝ,  Kanadanyň Bankuber şäherine ilkinji saparyny gurady

1632624
THÝ Kanadadaky Üçünji Uçuş Nokadyna Uçar Saparlaryny Guramaga Başlady

Türk howa ýollary, Kanadanyň Bankuber şäherine ilkinji uçar saparyny gurady.

THÝ Toronto we Montreal şäherlerinden soň Kanadadaky üçünji uçuş nokadyna uçar saparlaryny guramaga başlady.

THÝ-nyň Kanadadaky üçünji uçuş nokady Bankuber şäheriniň halkara howa menziline gonan TK075 belgili uçar bilen başlady.

Ýerli wagty bilen 16.17-de howa menziline gonan we 167 ýolagçysy bolan THÝ-nyň uçaryny Türkiýäniň Bankuberdäki Başkonsuly Mehmet Taýlan Tokmak we THÝ-nyň Torontadaky müdüri Zafer Bölükbaş garşylady.

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli garşylama dabarasy geçirilmedi.


Etiketkalar: #uçar saparlary , #THÝ , #Kanada

Degişli Habarlar