Lütfi Elwan Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2020-nji ýyldaky ösüş görkezijileri barada beýanat berdi

Gazna we maliýe ministri Lütfi Elwan, Türkiýäniň global derejedäki saglyk krizisiniň sebäp bolan 2020-nji ýyly ösüş görkezijileri bilen ýapan dünýädäki seýrek ýurtlaryň biri bolandygyny habar berdi

1592723
Lütfi Elwan Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2020-nji ýyldaky ösüş görkezijileri barada beýanat berdi

Türkiýäniň Statistika guramasy Türkiýäniň 2020-nji ýylyň soňky 4-nji çärýegi we 2020-nji ýylyň umumy ösüş görkezijilerini aýan etdi. 

Şoňa laýyklykda Jemi içerki önüm 2020-nji ýylda 1,8 göterim artdy. 

Jemi içerki önüm 2020-nji ýylyň 4-nji çärýeginde 2019-njy ýylyň 4-nji çärýegi bilen deňeşdirilende 5,9 göterim ösüş etdi. 

Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2020-nji ýyldaky ösüş görkezijileri barada beýanat beren Gazna we maliýe ministri Lütfi Elwan: "Türkiýe global derejedäki saglyk krizisiniň sebäp bolan 2020-nji ýyly ösüş görkezijileri bilen ýapan dünýädäki seýrek ýurtlaryň biri boldy" diýip mälim etdi. 

Ministr Elwan, Twitterden beren beýanatynda: "2021-nji ýylda ilkinji maksadymyz bahanyň durnuklylygynyň üpjün edilmegi. Inflýasiýa garşy göreş syýasatymyz ýokary hilli we dowamly maýa goýum, önümçilik we ösüş ýolunyň öňüni açar" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar