Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2128572
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Erbile gitmegim mümkin” söz başyly habarynda, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň Prezidentiň kompleksinde habarçylar bilen söhbetdeş bolan Prezident R.T.Erdoganyň ýakyn gelejekde Yraga gurajak saparynyň ähmiýetine ünsi çekip; “Köp sanly şertnama baglaşylar. Türkiýe-Yrak gatnaşyklaryny has başgaça gurarys. Erbile hem sapar etmegim mümkin” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Gaza 9-njy kömek gämisi Mersinden ugrady” söz başyly habarynda, Gaza ugradylmak üçin Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti tarapyndan taýýarlanan 3,774 tonna ynsanperwer kömeginiň alyp giden gäminin düýn Mersiniň Halkara deňiz portundan ugrandygyny ýazýar. Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Başlygy Fatma Meriç Ýylmaz “Gaza şu günki güne çenli 13 uçar, 8 gämi gitdi. 9-njy gämimizi ugratdyk. Bu gämimiz şu günki güne çenli ugradylan iň uly kömegi alyp gitdi” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýäniň ilkinji ýerli gözegçilik hemrasy “IMEJE” birinji ýylyny üstünlik bilen tamamlady” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyryň Türkiýäniň ilkinji ýokary ukyply ýerli we milli gözegçilik hemrasy “İMEJE-niň” älem giňişligindäki birinji ýylyny tamamlandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Kajyr sosia media hasabyndan beren habarnamasynda “IMEJE-niň” orbita ornaşmagyndan bäri üstünlikli iş alyp barýandygyny aýtdy.

“Star” gazeti  “Türkiýe bilen Azerbaýjan bilelikde gurdy” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewiň Türkiýe bilen Azerbaýjanyň bilelikde gurmagy meýilleşdirýän Türkiýe-Azerbaýjan uniwersiteti hakyndaky karary tassyklandygyny ýazýar.

“Watan” gazeti “KEMANKEŞ 2 kiçi akylly ganatly raketanyň synaglaryna başlandy” söz başyly habarynda, “Baýkar” tarapyndan öndürilen ýokary tehnologiýa önümi ulgamlaryň synaglarynyň üstünlik bilen dowam edýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar. “KEMANKEŞ 2” kiçi akylly ganatly raketanyň Edirnäniň Keşan etrabynda ýerleşýän “Baýkar” Uçuş-tälim we synag merkezinde dowam eder.



Degişli Habarlar