Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2133536
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan: Türkiýe üçin şähergurlyşyk özgerlişigi zerurlykdyr” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň guran çärelerinden birinde sözlän sözünde;“İlatynyň 71 göterimi ýer titreme howpy ýokary bolan ýerlerde ýaşaýan Türkiýe üçin şäherguluşyk özgerlişik işleri isleg däl, zerurlykdyr” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Milli howpsuzlyk guramasy Yragyň demirgazygynda operasiýa geçirdi” söz başyly habarynda, Milli howpsuzlyk guramasynyň Yragyň demirgazygyndaky Hakurk etrabynda soňky bir hepdede geçiren operasiýalarynda guramanyň hamala ýolbaşçysy diýilýän 15 PKK/ÝPG terrorçysyny täsirsiz ýagdaýa getirendigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ministr Baýraktaryň tebigy gaz bilen bagly buşlugy” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň Sakarýa gaz giňişliginde günlük 4,5 million m3 tebigy gazyň öndürilýändigini we onuň 1,8 million hojalygyň islegini kanagatlandyrjakdygyny aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Star” gazeti “Türkiýä güýçli daşarky serişde akymy” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşegiň Yslam galkynyş bankynyň toparynyň 2024-2026-njy ýyllaryň aralygyndaky döwür boýunça Ýurt strategiýasynyň çäginde Türkiýedäki taslamalara 6,3 milliard dollarlyk maliýe serişdesini berjekdigini beýan edip; “Iş ýüzüne geçirýän ykdysady maskatnamamyzyň saýasynda Türkiýä daşarky serişde akymy ýokary depginde dowam edýär” diýendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Türk howaýollary Owganystana gatnawyny gaýtadan başladýar” söz başyly habarynda, 2021-njiýylda Owganystana gatnawyny bes eden Türk howaýollarynyň adybir ýurda saparlara gaýtadan başlaýandygyny mälim edýär. 21-nji maýdan başlap Owganystanyň paýtagty Kabul şäherine gatnawlary dikeltjek howa ýoly kompaniýasy, Stambul-Kabul saparlaryny hepdede 4 gün amala aşyrar.



Degişli Habarlar