Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2140179
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Hamas Gazada Anadolynyň alynky liniýadaky goranyşyny alyp barýar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlisdäki toparynyň ýygnagynda Hamas hakynda möhüm beýannama berendigini ýazýar. Prezident Erdogan; “Siz, Ysraýyl Gazada durar diýip pikir etmäň. Bu azan döwlet, eger-de togtadylmasa “Wada berilen ýerler hyýaly” bilen gözüni iru-giç Anadola diker. Hamas Gazada Anadolynyň alynky liniýaky goranyşyny alyp barýar. Siz muny görmejek derejede körmi?” diýdi.

“Sabah” gazeti “Ministr Fidan Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Diplomatik çeşmelerden alynan maglumatlara görä Fidan Blinken bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Rafaha hüjümüniň kabuledilmesidigini beýan etdi.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Şimşek: ÝB bilen gatnaşyklary gaýtadan dikeldýäris” söz başyly habarynda, Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşegin düýn beren beýannamasynda; “Ýewropa bileleşigi bilen gatnaşyklarymyzy gaýtadan dikeldýäris. Şol maksada laýyklykda Brýusselde möhüm duşuşyklar geçirdik” diýden sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti: “Fiçden Türkiýe hakynda üns çekiji ýüzlenme” söz başyly habarynda, karz seljeriş guramasy “Fiçiň” türk bergi maýasy bazarlarynyň ýokarlan maýadar ynamy bilen ösýändigini mälim edendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Rize-Artwin howa menzilinde 2 ýylda 2 milliona barabar ýolagçy” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň düýn beren beýannamasynda 2022-nji ýylyň 14-nji maýyndan bäri Rize-Artwin howa menzilinden 1,9 milliondan gowrak ýolagçynyň gatnadylandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar