Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

2131801
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti, “Erdogan: Terrora garşy göreşde goldawa garaşýarys” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýannamasynda, PKK, FETÖ ýaly terror guramalarynyň başda durmagynda ähli terror guramalaryna garşy göreşe ünsi çekip “Terrora garşy göreşde nemes hökümetinden uly goldawa garaşýarys” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti, “Prezident Erdoganyň 1915 ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Türkiýe ermenileriniň patriarhy Sahak Maşalýana ýazan hatynda, “Ýekeje ermeni raýatymyzyň çetleşdirilmegine, öz watanynda kemsidilmegine rugsat bermedik we bermeris. Taryhda başdan geçirlen wakalaryň radikal çykyşlara garamazdan dogry we adalatly ýagdaýda seljerilmegi möhüm” diýendigini nygtaýar.

“Haber Türk” gazeti, “Uraloglu: Zengezur geçelgesi bilen Türkiýe bilen Orta Aziýanyň arasynda täze köprü gurarys” söz başyly habarynda, Ulaglar we infstruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň “Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda göni demir we gara ýoly gatnawyny ýola goýjak Zengezur geçelgesi bilen Türkiýe bilen Orta Aziýanyň arasynda täze köprü gurarys” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Ýenişafak” gazeti, “Türkiýe miwe önümçiliginde dünýäde 4-nji ýerde” söz başyly habarynda, tehnalogiýa platformasy GeeksforGeeksiň 2024-nji ýylyň mart aýyndaky habarnamasyna görä, Türkiýäniň dünýäniň miwe önümçiliginde  ýylda 25 million tonna bilen 4-nji orny eýeleýändigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti, “Stambul howa menzili Ýewropanyň iň gelim gidimli howa menzili” söz başyly habarynda, Stambul howa menziliniň aprel aýynyň 8-14-i aralygynda günde ortaça 1428 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim gidimli howa menzili bolandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar