Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

2132335
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti, “Daşary işler ministrligi 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar meselesinde Çilä reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalary “genosid” hökmünde kabul eden Çiliniň parlamentine reaksiýa bildirendigini ýazýar.

 Daşary işler ministrligi “Kararyň hiç hili güýji ýok. Parlamentleriň taryh hakynda garaýyş beýan etmek ygtyýary ýok” diýip beýanna berdi.

“Star” gazeti, “Türkiýe, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde berk tutumyny beýan etdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili ilçi Ahmet Ýyldyzyň, terror guramasy PKK/ÝPG-niň Siriýanyň gelejesinde ýeriniň ýokdygyna ünsi çekendigini belleýär.

“Hürriýet” gazeti, “Täze ýyldan bäri 802 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Yragyň we Siriýanyň demirgazygy bilen birlikde soňky 1 hepde-de 54, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri bolsa 360-y Yragyň, 442-si bolsa Siriýanyň demirgazygynda bolmak bilen jemi 802 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti, “Ýylmaz: Türkiýäniň ykdysadyýeti 14 çärýekden bäri durnukly ýagdaýda ösýär” söz başyly habarynda, Wise-prezident Jewdet Ýylmazyň, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň başdan geçirilýän sebitara we halkara kynçylyklara garamazdan 14 çärýekden bäri yzigiderli ýagdaýda ösýändigine ünsi çekendigini ýazýar.

“Ýenişafak” gazeti, “Türkiýe sanjym önümçilik merkezi bolar” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň, Türkiýäniň sanjym önümçilik merkezi bolmagynyň maksat edinilýändigini we şol maksada ýetilmegi üçin 50 müň inedördül metrlik meýdanda gurulýan ylmy barlag we önümçilik merkeziniň birinji bölüminiň gurluşygynyň ýakynda tamamlanjakdygy hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar