Tatarystanly aktiwist Russiýadaky syýasy basyşdan gaçyp Türkiyä geldi

Tatarstanly syýasatşynas we žurnalist Ruslan Aýsine garşy "daşary ýurt içalysy" jogapkärçiliklerinden ýüz öwürmek we Nasistligi aklamak boýunça aýyplanyp, kazyýet işi gozgaldy

2118201
Tatarystanly aktiwist Russiýadaky syýasy basyşdan gaçyp Türkiyä geldi

Iki ýyl ozal Russiýadaky syýasy basyşlar sebäpli Türkiyä göçüp gelen Ruslan Aýsin TRT Russian kanalyna beren beýanatynda: "Türk we Yslam dünýäsiniň, mundan başgada Russiýa Federasiýasynda ýaşaýan halklaryň bähitlerini goramak bilen bagly syýasy we jemgyýetçilik aksiýalarynyň", "daşary ýurt içalysy" hökmünde yglan edilmegine we özüne garşy hukuk taýdan çäreler görülmegine sezewar galandygyny habar berdi. 

Ruslan Aýsin Russiýada özüni "Türk dünýäsiniň bähbitlerini goramak" we "Türkiyäniň bähbitlerini goramak üçin aşa tagalla etmek" bilen aýyplanandygyny mälim etdi. 

Ruslan Aýsin "Daşary ýurt içalysy" statusynyň zerurlyklaryny näme sebäpli ýerine ýetirmändigi bilen bagly: "Bu meniň üçin kemsidiji status däl, ýöne meniň bu baradaky ähli kararlary we buýruklary ýerine ýetirmegi pikir etmedim. Paýlaşýanlarymyň başyna daşary ýurt içalydygym barada duýduryşlar goýmak islemedim. Iki aýry kazyýet diňlenşigi boldy, ýazmaça buýruklar we jerimeler boldy, iki administratiw iş jenaýat işine öwrüldi" diýip habar berdi. 

Ruslan Aýsin Nasistligi aklamak bilen bagly günäkärleme barada "halkynyň we Russiýa Federasiýasyndaky ähli halklaryň bähbitlerini" goramak tagallalary sebäpli bolandygyny we özüne garşy hukuk çäreleirniň syýasy maksatlar bilen alynyp barylandygyna ynanýandygyny beýan etdi. 

Žurnalist Ruslan Aýsin: "Indi bolsa Türkiyä geldim, Türkiye bize gaçybatalga boldy, Türkiyä ählimiz üçin, türkler, musulmanlar üçin hemişe myhmansöýer bir öý boldy. Kazyýetiň kararlaryna, belki, gaýybana tussag etmek kararyna garaşaryn" diýip belledi. 

Ruslan Aýsin "daşary ýurt içalysy" sanawyna 2023-nji ýylyň mart aýynda alynypdy. Russiýa Federasiýasynyň Adalat ministrligi Ruslan Aýsiniň syýasaty barada "esassyz maglumat" ýaýradýandygy we Ukraina garşy başladylan hüjümleri tankyt edýändigi üçin "daşary ýurt içalysydygygy" barada karar kabul edipdi. 



Degişli Habarlar