Gyrgyzstan Ermenistanyň Basyp Alyşlygyndan Halas Edilen Obada Mekdep Gurar

Aliýew bilen Japarow, Hydyrly obasynda Gyrgyzstan tarapyndan guruljak mekdebiň gurluşygyna badalga berdi.

2132354
Gyrgyzstan Ermenistanyň Basyp Alyşlygyndan Halas Edilen Obada Mekdep Gurar

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen Agdam welaýatynyň Hydyrly obasynda Gyrgyzstan tarapyndan guruljak mekdebiň gurluşygyna badalga berdi.

Çarşenbe güni paýtagt Bakuda Ilham Aliýew bilen duşuşan Sadyr Japarow, düýn hem Fuzuli şäherine gitdi.

Aliýew bilen Japarow, Fuzuli şäherinde Ermenistanyň basyp alyşlygy döwründe ýykylan ýerlere baryp gördi.

Iki lider soň Agdam şäherindäki taryhy ýerlere baryp gördi we dikeldiş işleri hakynda maglumat aldy.

Liderler basyp alyşlykdan soň abatlanan taryhy Agdam Juma metjidiniň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy.

Agdamyň Hydyrly obasyna giden Aliýew bilen Japarow, obada Gyrgyzstan tarapyndan guruljak mekdebiň gurluşygyna dabalga berdi.



Degişli Habarlar