Gyrgyzystanda döwlet agdarylyşygynda güman edilýän adam tussag edildi

Taşowyň häkimiýeti ele salmak üçin sosial ulgamlar arkaly halky küşgürmäge synanyşandygy beýan edildi

2130525
Gyrgyzystanda döwlet agdarylyşygynda güman edilýän adam tussag edildi

Gyrgyzystanda köpçülikleýin gozgalaňlar arkaly hökümeti agdarmaga taýynlyk görmekde güman edilip gözlenýän işewür adam Imamidin Taşow tussag edildi.

Milli Howpsuzlyk döwlet komitetiniň Metbugat merkezinden berilen ýazmaça beýanatda, Gyrgyz-Gazak serhedinden ýurda bikanun ýagdaýda giren gurluşyk kärhanasynyň ýolbaşçysy Imamidin Taşowyň geçirilen operasiýa bilen göz tussaglygyna alynandygy mälim edildi. 

Taşowyň häkimiýeti ele salmak üçin sosial ulgamlar arkaly halky küşgürmäge synanyşandygy beýan edildi. 

Howpsuzlyk güýçleri ýanwar aýynda döwlet agdarlyşygyny etmäge synanyşýandygy şübhesi bilen bir topara garşy operasiýa geçiripdi. Döwlet agdarlyşygynyň guramaçylyk işleriniň Taşow tarapyndan maliýeleşdirilendigi bilen bagly maglumatlaryň alynandygy aýan edildi. 

Milli Howpsuzlyk döwlet komiteti Imamidin Taşowyň tussag edilmegi barada karar kabul edipdi. 


Etiketkalar: #agdarlyşyk , #Gyrgyzystan

Degişli Habarlar