23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy Daşary Ýurtlarda Hem Bellenilip Geçilýär

DKTR-nyň ähli şäherlerinde 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy uly şüweleň bilen bellenilip geçilýär

2131098
23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy Daşary Ýurtlarda Hem Bellenilip Geçilýär
kktc 23 nisan.jpg
kirgizistan 23 nisan.jpg

Çäreleriň çäginde paýtagt Lefkoşa şäherindäki Atatürk ýadygärliginiň öňünde dabara geçirildi. 

Dabarada çykyş eden DKTR-nyň prezidenti Ersin Tatar, milli özygtyýarlylygyň ähmiýetine ünsleri çekip: "Häkimiýet, öz şahsyýetimiz bilen, gymmatlyklarymyz bilen, milli we ruhy duýgularymyz bilen bu topraklarda barlygymyzy dowam etdirmegiň ýeke-täk kepilligidir" diýip belledi. 

DKTR-nyň Gazimagusa, Girne, Güzelýurt, Iskele we Lefke şäherlerinde hem 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. 

Gyrgyzystanda hem 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. 

Türkiyäniň Bişkek şäherindäki ilçihanasy Bişkek Atatürk seýilgähinde Mustafa Kemal Atatürkiň ýadgärliginiň öňümde resmi dabara geçirdi. 

Dabara ilçihananyň işgärleri, Türkiyäniň Bişkek şäherindäki edaralaryň resmileri we wekilleri, uniwersitetden myhmanlar, mugallymlar, işewür adamlar, ahyska türkleri we türk raýatlar gatnaşdylar. 



Degişli Habarlar