Hytaýyň Döwlet baştutany Orta Aziýanyň liderleri bilen maslahat geçirdi

Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpin, 5 Orta Aziýa ýurdunyň liderleri bilen geçirilen maslahata ýer eýeçiligini etdi.

1768568
Hytaýyň Döwlet baştutany Orta Aziýanyň liderleri bilen maslahat geçirdi

Hytaý bilen Orta Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30-njy ýyly mynasybetli geçirilen maslahata Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. 

Si Szinpin, Hytaý bilen Orta Aziýa ýurtlarynyň soňky 30 ýylda halkara gatnaşyklar boýunça nusga boljak gowy gatnaşyklary ýola goýandygyny belläp, şol üstünligiň syrynyň bolsa ikitaraplaýyn hormat, gowy goňşuçylyk gatnaşyklary, kyn wagtlarda raýdaşlyk we ikitaraplaýyn bähbide esaslanýandygyny beýan etdi. 

Hytaýyň sebitiň durnuklylygyny we galkynyşyny goldaýandygyny aýdan Si Szinpin: "Halkara şertler nähili ýagdaýda özgerse özgersin ýa-da Hytaý nähili derejede össe össün, hemişe Orta Aziýa ýurtlarynyň ynanyp biljek gowy goňşy, hyzmatdaş we doganlyk ýurt bolmagy dowam etdireris" diýip habar berdi. 

Hytaýyň Orta Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryny has hem ösdürmegi we bilelikde umumy bir gelejek gurmagy arzuw edýändigini aýdan Si Szinpin, koronawirus sanjymy, derman we epidemiýadan goranmagyň enjamlarynyň üpjünçiligi taýdan sebitiň ýurtlaryna goldaw berjekdigi barada söz berdi. 

Şu ýyl Orta Aziýa ýurtlaryna 50 million doza sanjym berjekdiklerini aýdan Si Szinpin, mundan başgada sebitiň ýurtlaryna tehbologiýa we maglumat geçirilişini amala aşyrmagy maksat edinýändiklerini aýan etdi. 

Si Szinpin, Hytaý bilen Orta Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwdanyň, ýurtlaryň garaşsylyklaryna eýe bolmagyndan soň geçen 30 ýylda 100 esse artandygyny, Pekiniň sebitiň ýurtlaryndaky gönüden maýa goýumlarynyň bolsa 14 milliard dollara ýetendigini habar berdi. 



Degişli Habarlar