Putin Bilen Tokaýew Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Putin bilen Tokaýew Gazagystanda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

1759352
Putin Bilen Tokaýew Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew bilen Gazagystanda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Kremlden berlen beýannama görä, Putin bilen Tokaýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Gazagystandaky soňky wakalar hakynda pikir alyşan iki lider, Gazagystanda konstitutsion ulgamyň ýaňadandan dikeldilmegi üçin görlen degişli çäreleri hem ara alyp maslahatlaşdy.

Ýurtda ýagdaýyň kadalaşmaga başlandygyny nygtan Tokaýew, Kollektiw howpsyzlyk guramasyna agza ýurtlaryň Gazagystana berýän goldawlary üçin sagbolsun aýtdy.

Iki lideri yzygiderli aragatnaşyk saklamak meselesinde ylalaşyk gazandy.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, ýurtda başdan geçirilýän wakalar sebäpli Kollektiw howpsyzlyk guramasyna agza ýurtlardan kömek sorapdy.

Kollektiw howpsyzlyk guramasy hem 5-nji ýanwarda Gazagystana esger ugradylmagy hakynda karar kabul edipdi.



Degişli Habarlar