Nur-Soltanda Durmuş Adatdan Daşary Dolanşyk Şertlerinde Dowam Edýär

Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltan şäherinde yglan edilen “ýokary howp derejesi” sebäpli howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

1759267
Nur-Soltanda Durmuş Adatdan Daşary Dolanşyk Şertlerinde Dowam Edýär
kazakistan2.jpg
kazakistan1.jpg
kazakistan.jpg

Şäherde Prezidentiň ofisi Akordanyň başda durmagynda ähli resmi döwlet binalary bilen jemgyýetçilik binalary ýörite güýçler tarapyndan gije-gündiz goralýar.

Paýtagtyň ähli ýollarynda polis gözegçilik nokatlary döredildi.

Uly söwda we dynç alyş merkezleri, kafeler, restoranlar ýapyk. Şäherde diňe marketlerden söwda edilýär.

Ikinji derejeli banklar bilen walýuta ofisleriniň işleriniň bes edilmegi we internetiň kesilmegi sebäpli töleglerde nagt pul ulanylýandygy üçin şäheriň ýaşaýjylary ATM-leriň önünde uzyn nobata durmaly bolýarlar.

Sagat 23:00-07:00 aralygynda köçä çykmak çäklendirilendigi sebäpli paýtagtda berk polis gözegçiligi ýola goýulan.

19-njy ýanwara çenli adatdan daşary dolanşyk düzgünine geçilen şäherde haýsydyr bir çaknyşygyň ýokdugy, umuman şertleriň asudadygy görülýär.

Içeri işler ministrliginden berilen beýannama görä ýurtda 2-nji ýanwarda ýangyjyň nyrhynyň ýokarlandyrylmagy sebäpli başlan wakalaryň dowamynda daşary ýurtlylar bilen birlikde 4,266 adam saklandy.

Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň ozalky başlygy Karim Masimow hem döwlete dönüklik etmekde günäkärlenip, saklandy.

Gazagystanyň esaslandyryjy prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň ýurduny terk edendigi hakyndaky habarlaryň hem hakykaty beýan etmeýändigi habar berildi.

Nazarbaýewiň Metbugat sekretary Aýdos Ukibaý Twitter hasabyndan beren habarnamasynda Nazarbaýewiň paýtagt Nur-Soltandadygyny, geňeşmeler we maslahatlar geçirýändigini, Prezident Tokaýew bilen gönüden aragatnaşyk saklaýandygyny beýan etdi.

Nazarbaýewiň dostlukly ýurtlaryň liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini beýan eden Ukibaý, esaslandyryjy prezidentiň bar bolan kynçylyklaryň hötdesinden gelmek we ýurduň bitewiligini gorap saklamak üçin halka Prezident Tokaýewi goldamak üçin çagyryş berendigini nygtady.



Degişli Habarlar