Azerbaýjan Türkiýe-Ermenistan gatnaşyklarynyň kadalaşmagyny goldaýar

Azerbaýjan Türkiýäniň Ermenistan bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyny dolulygyna goldaýandyklaryny beýan etdi

1753300
Azerbaýjan Türkiýe-Ermenistan gatnaşyklarynyň kadalaşmagyny goldaýar

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, geçiren ýyllyk netijelendirme maslahatynda ýerli we daşary ýurtly metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Baýramow 30 ýyllyk basyp alyşlyk ýagdaýynyň sebite ýetiren zyýanynyň düşündirilmeginiň Azerbaýjanyň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini belläp, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda dowam edýän kazyýet tapgyrlary barada gürrüň berdi. 

Iki ýurdyň Halkara Adalat diwanynda biri-birlerine garşy kazyýete ýüz tutandygyny ýatladan Baýramow, Ermenistanyň esassyz öňe sürmeleriniň aglabasynyň kazyýet tarapyndan kabul edilmändigini mälim etdi. 

Baýramow Ermenistana garşy halkara kazyýet derejesinde göreşlerini dowam etdirjekdiklerini belläp: "Ilki bilen daşky guraşawa berilen zyýan we tebigy baýlyklaryň bikanun ýagdaýda ulanylmagy babatynda halkara kazyýete ýüz tutarys. Bu mesele 2022-nji ýyldaky wezipelerimiziň arasynda durýar" diýip aýan etdi. 

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň hem üstünde durup geçen Baýramow: "2021-nji ýylyň 15-nji iýunynda gol çekişilen taryhy Şuşa beýannamasynyň ähmiýediniň üstünde durup geçmek isleýärin. Şol beýannama bilen Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklary bileleşik derejesine ýetirildi" diýip mälim etdi. 

Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky kadalaşmak tapgyry barada hem maglumat beren ministr Baýramow: "Halkara hukugyň çäginde Ermenistan-Azerbaýjan gatnaşyklarynyň kadalaşmagynyň tarapdarydyrys. Hatda parahatçylyk ylalaşygynyň üstünde işlemäge taýardygymyzy beýan etdik. Doganlyk Türkiýäniň Ermenistan bilen gatnaşyklarynyň kadalaşdyrmagyny dolulygyna goldaýarys. Türkiýäniň bu meseledäki ähli derejedäki ýüzlenmelerini takdyr edýäris. Hormatly kärdeşim ministr Mewlüt Çawuşogly, her beýanatynda bu meseläniň sebitdäki tapgyrlara oňyn täsiriniň boljakdygyny, şol meseleleriň Azerbaýjan bilen geňeşilýändigini, umumy bähbitleri we pozisiýalary belläp geçýär" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar