Genjede, Ermeni Hüjümlerinde Ýogalanlar Hatyralandy

Ermenileriň 7 şähere guran hüjümlerinde 100 adam ýogalypdy

1721070
Genjede, Ermeni Hüjümlerinde Ýogalanlar Hatyralandy

Daglyk Garabagyň ikinji uly şäheri Genjede, geçen ýyl Ermenistan tarapyndan guralan hüjümlerde ýogalanlar hatyralandy.

2020-njy ýylyň 27-nji setýabrynda Azerbaýjanyň garşy hüjümi bilen başlan we 44 gün dowam eden söweşde Ermenistan, asuda ilaty nyşana aldy.

Genje şäheri Ermenistan tarapyndan nyşana alynan esasy ýerlerden biri boldy.

2020-njy ýylyň oktýabr aýynyň 4-8-11 we 17-de raketalar bilen Genje şäherine guralan hüjümlerde asuda ilatdan 26 adam ýogaldy, 130 adam hem ýaralandy.

Hüjümleriň birinji ýylynda hatyralama çäresi geçirildi.

Hatyralama çäresine Azerbaýjanyň baýdaklaryny ellerine alan müňlerçe adam gatnaşdy.

Ermenileriň 7 şähere guran hüjümlerinde 100 adam ýogalypdy, 400-den gowrak adam hem ýaralanypdy.



Degişli Habarlar