DKTR-nyň BMG-den Uly Tamasy Ýok

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndan Artykmaç Uly Tamasynyň Bolmandygy Beýan Edildi

1712648
DKTR-nyň BMG-den Uly Tamasy Ýok

DKTR-nyň Daşary işler ministri Tahsin Ertugrulogly Kipr meselesiniň çözgüdinde BMG-niň eýeleýän pozisiýasy hakynda beýanat berdi.

Ministr Ertugrulogly: “BMG-den artykmaç tamamyz ýok, şu günki güne çenli haýsydyr bir syýasy hakykaty çözmändigi hemmelere äşgär” diýdi.

Ertugrulogly DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tataryň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterriş we Kiprin grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen geçiren duşuşyklaryndan soň DKTR-nyň pozisiýasyny Waşingtonda metbugat işgärlerine gürrüň berdi.

Guterrişiň aprel aýynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen maslahatdan son ylalaşyk üçin şertleriň ýokdugy neticesine gelendigini, emma ony BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine habar bermän, ikinci bir maslahatyň geçirilcekdigini aýdandygyny mälim eden Ertugrulogly, aradan 6 aýyň geçendigine garamazdan şol duşuşygyň geçirilmändigine ünsleri çekdi.

Ertugrulogly häzirki wagtda Guterrişiň Kipr meselesinde şahsy wekil bellemegi meýilleşdirýändigini we şol wekiliň şertleriň bolup bolmandygyny öwrencekdigini beýan edip; “Meniň pikirimçe bu, baş Sekretaryň wagt utma synanşygy. Ol hem bilýär, umumy şertler henizem ýok” diýdi.

Ertugrulogly; “Adada iki döwlet bar. Bu hakykata laýyk şert ýüze çykman halatynda we täze gepleşikler tapgyry iki döwletiň arasyndaky gepeleşik tapgyry hökmünde geçirilmese, gepleşikler tapgyryna geçilmecekdigini hemmeler bilmeli” diýdi.

BMG-niň Parahatçylyk güýcüniň 1964-nci ýylda aslyna seredilende bolmadyk Kipr hökümetine esaslanyp ada gelendigini, emma Kipr türkleriniň gussasyny diňdirmändigini gürrüň beren Ertugrulogly; “Şeýlelikde biziň BMG-den artykmaç uly tamamyz ýok. BMG-nin şu günki güne çenli haýsydyr bir syýasy meseläni çözmändigi hemmelere mälim” diýdi.

 



Degişli Habarlar