Bilal Aga Metjidinde 47 Ýyl Soň Ilkinji Juma Namazy Okaldy

Bilala Aga metjidiniň 200 ýyllyk taryhy geçmişi bar.

1679234
Bilal Aga Metjidinde 47 Ýyl Soň Ilkinji Juma Namazy Okaldy

 

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda ýapyk Maraş sebitinde ýerleşýän we 20-nji iýulda 47 ýyl soň ýaňadandan ybadata açylan Bilal Aga metjidinde ilkinji Juma namazy okaldy.

1974-nji ýyldaky Kipr Parahatçylyk operasiýasyndan bäri ýapyk bolan we restowratsiýa işleri tamamlanandan soň 20-nji iýulda Prezident Erdoganyň wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşmagynda açylan Bilal Aga metjidinde ilkinji Juma namazy okaldy.

Bilal Aga metjidindäki Juma namazyna DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, Türkiýäniň DKTR-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Murat Başçeri bilen birlikde harby ýolbaşçylar we halk gatnaşdy.

Prezident Ersin Tatar metbugata beren beýannamasynda, halkyň ýuwaş-ýuwaşdan Maraşa gelmäge başlandygyny nygtady.

Bilala Aga metjidiniň 200 ýyllyk taryhy geçmişi bar.


Etiketkalar: #juma namazy , #DKTR , #metjit

Degişli Habarlar