Fuat Oktaý Özbegistana Guraýan Saparyny Dowam Etdirýär

Wise-premýer Serdar Umurzakow ,“Ata ýurda hoş geldiňiz” diýdi

1665871
Fuat Oktaý Özbegistana Guraýan Saparyny Dowam Etdirýär

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Özbegistana guraýan saparynyň çäginde Wise-premýer Serdar Umurzakow bilen duşuşdy.

Türkiýe-Özbegistan Bilelikdäki ykdysady komisiýanyň maslahatynyň öňüsyrasynda bolan duşuşga Özbegistanyň Söwda we Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary bilen Türkiýäniň Daşkentdäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Olgan Bekar hem gatnaşdy.

Wise-premýer Serdar Umurzakow duşuşykda Fuat Oktaýyň Özbegistana guraýan saparyndan hoşaldyklaryny nygtap, “Ata ýurda hoş geldiňiz” diýdi.

Myhmansöýerlikleri üçin Wise-premýer Serdar Umurzakowa sagbolsun aýdan Oktaý bolsa, Özbegistanda özlerini öz ýurtlarynda ýaly duýýandyklaryny belledi.



Degişli Habarlar