Erdogan we Aliýew iki ýurdyň arasynda Şuşa beýannamasyna gol çekdiler

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew iki ýurdyň arasynda Şuşa beýannamasyna gol çekdiler

1658613
Erdogan we Aliýew iki ýurdyň arasynda Şuşa beýannamasyna gol çekdiler

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan 28 ýyl soň Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat edilen, Daglyk Garabag sebitiniň simwol şäheri hökmünde kabul edilýän Şuşa şäherinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy. 

Şuşa şäherindäki gubernatorlyk binasynda bolan dabaradan soň, Aliýew we Erdogan ikiçäk duşuşyk geçirdiler. 

Gepleşikleriň ahyrynda Erdogan we Aliýew  iki ýurdyň arasynda Şuşa beýannamasyna gol çekişdiler. 

Prezident Erdogan geçirilen umumy metbugat ýygnagynda "Şuşa beýannamasy" bilen iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze döwürdäki meýilnamasyny tassyklandyklaryny habar berdi. 

44 günlük söweşiň ahyrynda Garabagyň hakyky eýeleriniň eline geçendigini we ermeni basyp alyşylygyndan azat edilendigini aýdan Erdogan: "Azerbaýjanyň halkynyň Garabag ýeňişini ýene-de bir gezek gutlaýaryn" diýip belledi. 

Erdogan Türkiýe hökmünde garaşsyzlyk göreşinde bolşy ýaly ýaňadandan dikeldiş tapgyrynda hem Azerbaýjana her dürli goldawy bermäge dowam etjekdiklerini mälim etdi. 

Erdogan Garabagyň ozalky görküne we öz aýratyn şahsyýetine gowuşjakdygyny belläp, bir tarapdan dikeldiş işleri geçirilýärkä, beýleki tarapdan Garabagyň we Azerbaýjanyň topraklarynyň bular ýaly apata sezewar galmazlygy üçin gerek bolan çäreleriň görüljekdigini beýan etdi. 

Her kime Azerbaýjanyň ýeňişini kabul etmäge çagyran Prezident Erdogan: "Ermenistanyň özüne uzadylan ýagşy niýet we raýdaşlyk elini tutmak mümükinçiligini gowy niýet bilen ulanjakdygyny umyt edýäris. Altytaraplaýyn platforma bilen birlikde sebitiň parahatçylyk içinde ýaşaljak bir sebit bolmagyny isleýäris. Biz doganym Aliýew bilen islendik pidakärlige taýardyrys" diýip nygtady. 

Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk maslahatyny öňümizdäki aýlarda Türkiýede geçirjekdiklerini aýdan Erdogan, 1-nji aprelde başlan şahsy resminamalar bilen syýahadyň, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýeňilleşdirip, iki ýurdy biri-biri bilen has hem ýakynlaşdyrjakdygyny mälim etdi. 

Erdogan Türkiýe hökmünde gadymy şäher Şuşada iň gysga wagtda baş konsullyk açmagy meýilleşdirýändiklerini aýan etdi. 

Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew bolsa Şuşa beýannamasynyň iki ýurdyň arasynda gelejek hyzmatdaşlygyň kepillendirijisidigini beýan etdi. 

Garabag söweşine başlanan günden şu günki güne çenli Prezident Erdoganyň, Azerbaýjana anyk we açyk goldaw berendigini ýatladan Aliýew: "Biz söweşde türk halkynyň jebisligini gördük. Türkiýäniň beren goldawyny hiç wagt ýatdan çykarmarys" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar