Täjigistan-Gyrgyzystan serhedindäki çaknyşykda ýogalan adamlaryň sany artdy

Täjigistan-Gyrgyzystan serhedinde 29-njy aprelde başdan geçirilen ýaragly çaknyşykda ýogalanlaryň sany 49 adama ýetdi

1632215
Täjigistan-Gyrgyzystan serhedindäki çaknyşykda ýogalan adamlaryň sany artdy

Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş we Sosial galkynyş ministrligi, ýurdyň Batken sebitinde 29-njy aprelde başdan geçirilen ýaragly çaknyşykda ýogalan gyrgyz raýatlaryň sanynyň 34 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 173 adama ýetendigini habar berdi. 

Täjigistanyň metbugaty hem ýaragly çaknyşykda ýogalan täjik raýatlaryň sanynyň 15 adama ýetendigini, ýogalanlaryň 7-siniň esgerdigini mälim etdi. 

Täjigistanyň metbugaty ozal beren beýanatynda ýaragly çaknyşykda 90-a golaý täjik raýatyň ýaralanandygyny aýan edipdi. 

Gyrgyzystan-Täjigistan serhedinde ýerleşýän suw paýlaýyş ulgamyna gözegçilik etmek meselesi 29-njy aprelde iki ýurdyň serhet birikmeleriniň goşulmaklary bilen ýaragly çaknyşyga öwrülipdi. 

Çaknyşykda köp sanda öýe, döwlet edaralaryna we iş ýerlerine zeper ýetipdi. 

Iki ýurdyň Daşary işler ministrleriniň işe girişmekleri netijesinde taraplaryň ozalky ýerlerine yzyna çekilmekleri, meseläniň gepleşikler arkaly çözülmegi we ylalaşygyň ýola goýulmagy bababatynda ylalaşyga gelinipdi. 



Degişli Habarlar