Gyrgyz-Täjik Serhedinde Başdan Geçirlen Wakalarda 6 Adam Ýogaldy

Gyrgyz Respublikasynyň Premýer ministri Ulukbek Maripow bilen Täjigistanyň Premýer ministri Kohir Rasulzoda özara duşuşyk geçirdi

1631145
Gyrgyz-Täjik Serhedinde Başdan Geçirlen Wakalarda 6 Adam Ýogaldy

 

Gyrgyzystan-Täjigistan serhedinde suwa gözegçilik etmek meselesi sebäpli bolan ýaragly çaknyşykda 6 adam ýogaldy, 115 adam ýaralandy.

Gyrgyzystanyň ýerli habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, çaknyşykda 3 gyrgyz raýaty ýogaldy, 84 adam ýaralandy.

Täjigistanyň habar beriş serişdeleri bolsa başdan geçirlen wakalarda 3 täjik raýatynyň ýogalandygyny, 31 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Russiýada saparda bolýan Gyrgyz Respublikasynyň Premýer ministri Ulukbek Maripow bilen Täjigistanyň Premýer ministri Kohir Rasulzoda özara duşuşyk geçirdi.

Iki kärdeş serhetdäki çaknyşygyň gepleşik arkaly gysga wagtda çözülmegi üçin taýardyklaryny beýan etdi.

Beýleki tarapdan Gyrgyzystanyň ýerli habar beriş serişdeleri, Gyrgyz-Täjik serhedinde ýerli wagt bilen 23-45-de çaknyşyk sesleriniň kesilendigini habar berdi.

Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrleri ýerli wagt bilen 20.00-dan başlap sebitde çaknyşyklaryň bes edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanypdy.

Gyrgyzystan-Täjigistan serhedinde suwa gözegçilik etmek meselesi sebäpli 28-nji aprelde başlan dartgynlyk, 29-njy aprelde iki ýurduň halkynyň biri-birini daşlamagy bilen dowam etdi.

Dartgynlyk sebäpli iki ýurduň howpsyzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy.

Çaknyşygyň başdan geçirlen ýerine ýakyn obalarda zenanlar we çagalar başga ýere göçürildi.



Degişli Habarlar