DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Türkiýä sapar gurar

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çakylygyna laýyklykda şu gün Türkiýä iş saparyny gurar

1628088
DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Türkiýä sapar gurar

Prezidentiň Kommunkasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä saparyň çäginde Türkiýe bilen DKTR-nyň arasyndaky gatnaşyklar ähli taraplaýyn gözden geçirilip, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin ediljek ädimler ele alynar.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde 27-29-njy aprel aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek "Resmi bolmadyk 5+BMG" maslahaty we şeýle hem Kipr meselesi bilen bagly soňky hadysalar barada pikir alyşylar. 



Degişli Habarlar