DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Türkiýä sapar gurar

Ersin Tatar, wezipä saýlananyndan soň ilkinji gezek ýolbaşçylyk eden Ministrler kabinetiniň mejlisi dowam edýärkä beýanat berdi

1626092
DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Türkiýä sapar gurar

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Prezidenti Ersin Tatar, 26-njy aprelde Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen Ankarada duşuşyk geçirjekdiklerini habar berdi. 

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, wezipä saýlananyndan soň ilkinji gezek ýolbaşçylyk eden Ministrler kabinetiniň mejlisi dowam edýärkä beýanat berdi. 

Ersin Tatar, 27-29-njy aprel aralygynda BMG-nyň ýolbaşçylyk etmeginde we kepillendiriji ýurtlar bolan Türkiýäniň, Gresiýanyň we Beýik Britaniýanyň hem gatnaşmagynda geçiriljek 5+BM formatyndaky resmi bolmadyk maslahatdan ozal 26-njy aprelde duşenbe güni Prezident Erdogan bilen duşuşyk geçirjekdigini mälim etdi. 

Ersin Tatar: "Türkiýe bilen birlikde Kiprdäki türk tarapynyň Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde orta goýjak täze syýasaty bilen, ýagny özygtyýarly deňlige esaslanýan bilelikde ýaşaýan iki döwletiň mundan beýläk ýeke täk hakyky ýoldugyny aýdarys" diýip belledi. 



Degişli Habarlar