Gazagystan Bilen Türkiýäniň Arasyndaky Media Gatnaşyklary Ösdürler

Fahrettin Altun, Gazagystanyň Maglumatlar ministri Aida Balaýewa bilen duşuşdy.

1616139
Gazagystan Bilen Türkiýäniň Arasyndaky Media Gatnaşyklary Ösdürler

 

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Gazagystanyň Maglumatlar ministri Aida Balaýewa bilen duşuşdy.

Kommunikasiýalar edarasynda bolan duşuşykda Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Fahrettin Altun duşuşykda, Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklarda, türki dilli ýurtlaryň arasyndaky arkalaşyk ruhyny görýändiklerini, ýurtlaryň arasyndaky media hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi bilen özara gatnaşyklaryň has-da pugtalanjakdygyny nygtady.

Gazagystan bilen medi, kino film we seriýal pudaklarynda hem ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdiklerini aýdan Altun, gysga wagtda bilelikdäki iş toparyny döredip işe girişjekdiklerini ýatlatdy.

Gazak ministr Aida Balaýewa hem geçirlen gepleşikleriň özara gatnaşyklaryň pugtalanmagyna itergi berjekdigine ynanýandygyny nygtap, esasan media ugrundaky hyzmatdaşlygyň has möhümdigine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar