Özbegistan-Türkiýe umumy harby türgenleşigi başlady

Özbegistanyň we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň gatnaşmagynda umumy harby türgenleşik başlady

1606266
Özbegistan-Türkiýe umumy harby türgenleşigi başlady

Özbegistanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, Tirmiz şäherindäki harby poligonda geçiriljek Özbek-Türk umumy harby türgenleşiginiň açylyş dabarasy geçirildi. 

Dabarada çykyş eden Türkiýäniň we Özbegistanyň harby wekiliýetleri, umumy harby türgenleşigiň netijeli geçjekdigini belläp, türgenleşige gatnaşýanlara üstünlikler arzuw etdiler.

Umumy harby türgenleşigiň çäginde iki ýurdyň esgerleri 15 kilometrlik tektiki koridordan geçmek, ýörite atyş, ýakyn aralykdan söweş we kyn şertlerde aýakda galmak ýaly ugurlar boýunça türgenleşik geçirerler. 

Türgenleşigiň çäginde şeýle hem sport boýunça ýörite ýaryşlar geçiriler. 

Şu gün resmi sapar bilen Özbegistana gitjek Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy Ýaşar Güler, 25-nji martda umumy harby türgenleşige tomaşa eder. 

Umumy harby türgenleşik 27-nji martda tamam bolar. 

Harby türgenleşik iki ýurdyň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk meýilnamasynyň çäginde geçirilýär. 



Degişli Habarlar