Azerbaýjan we Türkmenistan "Dostluk" nebit ýatagynyň bilelikde işledilmegi babatynda ylalaşdylar

Azerbaýjan we Türkmenistan, Hazar deňizinde ýerleşýän we "Dostluk" diýip atlandyrylan nebit ýatagynyň bilelikde işledilmegi babatynda ylalaşdylar

1568556
Azerbaýjan we Türkmenistan "Dostluk" nebit ýatagynyň bilelikde işledilmegi babatynda ylalaşdylar

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Türkimenistanda kärdeşi Raşit Meredow bilen duşuşyk geçirip, Dostluk atly nebit ýatagynyň gözlegleriniň, işledilmeginiň we ulanylmagynyň iki ýurt tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilmegi babatyndaky şertnama gol çekdiler. 

Azerbaýjanyň Prezuidenti Ilham Aliýew we Türkimenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideo aragatnaşyk arkaly gol çekilşik dabarasyna gatnaşdylar. 

Türkmenistanda "Serdar", Azerbaýjanda bolsa "Kepez" diýip atlandyrylýan ýatagyň haýsy ýurda degişlidigi we nähili işlediljekdigi bilen bagly mesele iki ýurdyň arasynda ençeme ýyllap düşünişmezçilige sebäp bolupdy. 

Hazar deňizinde Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ýerleşýän ýatagyň takmynan 60 million tonna nebit ätiýajyna eýedigi çak edilýär. 



Degişli Habarlar