Perudaky sil apatlarynda 6 adam ýogaldy
Peruda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde 6 adam ýogaldy
2110548
Milli adatdan daşary ýagdaý operasiýa merkezinden berilen beýanatda, aşa ýagan ýagyşlaryň ýurduň günortasyndaky Andauaýlas welaýatynda adam pidalarynyň we maddy zyýanyň çekilmegine sebäp bolandygy habar berildi.
Welaýatda başdan geçirilen sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde 6 adamyň ýogalandygy bellenen beýanatda, Apurimak sebitinde Çumbao derýasynyň joşmagy netijesinde köp sanda öýüň suwuň aşagynda galandygy mälim edildi.
Resmiler sil apatlarynda zyýan çeken adamlara ynsanperwer kömek ýetirilmäge synanyşylýandygyny we gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini habar berdiler.
Degişli Habarlar
Russiýa Britaniýanyň Harby Attaşesini Ýurtdan Çykarar
Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrligi ýazmaça beýannama berdi.