Putin Harkowda Howpsuz Ara Zolak Döretjekdiklerini Aýtdy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Ukrainanyň Harkow sebitinde howpsuz ara zolak döretjekdiklerini beýan edip; “Häzirki wagtda Harkowy alma meýilnamamyz ýok” diýdi.

2140958
Putin Harkowda Howpsuz Ara Zolak Döretjekdiklerini Aýtdy

Wladimir Putin Hytaýa guran saparynyň çäginde Ukraina we gün-tertibindäi beýleki meseleler boýunça metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

“Ukrainadaky çaknyşyklaryň resmi Kiýewiň ýalňyşlyklary sebäpli başdan geçirilýändigini” gürrüň beren Putin; “Başdan geçirilýän tragiki wakalaryň jogapkärçiligini Russiýanyň üstüne atmaga çalyşýarlar. Emma başdan geçirilenler olaryň açlyp baran syýasatlarynyň netijesinde ýüze çykdy” diýdi.

Rus goşunlarynyn soňky döwürde käbir ýerlerini alan Harkow sebiti hakynda-da garaýyş beýan eden Putin: “Harkow tarapynda bolanlar hem olaryň günäsi. Sebäbi Belgorod bilen bilelikde serhetýaka sebitlerdäki ilatlaryň ýerleri bombaladylar we bombalamaga dowam edýärler” diýdi.

Wladimir Putin Ukrainanyň şäher merkezlerindäki ilatly ýerlere od açýadygyny nygtap; “Aç-açan aýtdym, eger bu dowam etse, howpsuzlyk zolagyny, ara zolagy döretmäge mejbur bolarys. Biz häzir şonuň üstünde işleýäris” diýdi.

Ukraina meselesinde gepleşiklere taýýardyklaryny nygtan rus lider: “Häzirki wagtda elbetde bu meselede bolup geçýänleriň ählisini analiz edýäris. Şol bir wagtda elbetde Ženewada yglan edilen maslahatyň çäginde bolup geçýänlere seredýäris. Ukraina tarapynyň tersine biz gepleşikleri asla ret etmedik. Gepleşikler üçin Stambulda gazanan ylalaşygymyzyň emele getirýän esasy bar. sebäbi ukrain wekiliýetiniň başlygy hem oňa gol goýupdy” diýdi.



Degişli Habarlar