Russiýa Britaniýanyň Harby Attaşesini Ýurtdan Çykarar

Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrligi ýazmaça beýannama berdi.

2140655
Russiýa Britaniýanyň Harby Attaşesini Ýurtdan Çykarar

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýazmaça beýannamasynda Britaniýanyň Moskwa şäherinde ýerleşýän Ilçihanasynyň Harby attaşesiniň ministrlige çagyrlandygy mälim edildi.

Iňlis resmileriniň 8-nji maýda Russiýa garşy kabul eden kararlaryna garşylyk görkezilýän beýannamada; “Britaniýanyň Russiýanyň Londondaky Ilçihanasynyň Goranyş attaşesi boýunça duşmançylykly we esassyz karary sebäpli iňlis attaşesina protest notasy berildi” diýilýär.

Beýannamada şeýle başlangyçlaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara “öwezi dolunmasyz zyýan ýetirýandigi” nygtalyp; “Harby wekile bu başlangyjy rus duşmançylygyny özünde jemleýän syýasy maksatly hereket hökmünde görýändigimizi nygtadyk. Iňlis tarapynyň 8-nji maýda beýan eden Russiýa garşy duşmançylykly aksiýalaryna gökezilýän garşylyk munuň bilen gutarmaz. Meseläni möwjetmäge başladanlara nobatdaky jogap hereketleri hakynda maglumat beriler” diýilýär.

Britaniýanyň Daşary işler, Içeri işler we Goranmak ministrlikleri 8-nji maýda beren bilelikdäki beýannamasynda Russiýanyň “Erbet niýetli razwedka işlerini” sebäp hökünde görkezip, ýurduň goranyş attaşesini ýurtdan çykarjakdygyny, Russiýa bilen arabaglanşykly kabir emläkleriň diplomatik derejesiniň aýryljakdygyny we rus diplomatik wizalarynyn möhletini çäklendirjekdigini habar beripdi.



Degişli Habarlar