Nigeriýada Metjitde Bolan Partlamada 11 Adam Ýogaldy

Ýangyç bidonynyň ýarylmagy sebäpli bolan partlamada 17 adamyň hem ýaralandy

2140700
Nigeriýada Metjitde Bolan Partlamada 11 Adam Ýogaldy

Nigeriýanyň Kano sebitinde metjitde bolan partlamada 11 adam ýogaldy.

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýannamada, düýn Kano sebitiniň Gezawa etrapçasynynyň Laraba Asasawa obasyndaky metjitde ertirlik namazy okalýarka partlamanyň bolandygy nygtaldy.

Ýangyç bidonynyň ýarylmagy sebäpli bolan partlamada 11 adamyň ýogalandygy, 17 adamyň hem ýaralanandygy ýatladyldy.

Beýannamada, ýaralananlaryň käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygy sebäpli wakada ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýändigi bellenildi.

 


Etiketkalar: #partlama , #metjit , #Nigeriýa

Degişli Habarlar