ÝB Russiýa garşy täze sanksiýalar bukjasyny kabul eder

ÝB Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Jozep Borrel mesele bilen bagly beýanat berdi

2064231
ÝB Russiýa garşy täze sanksiýalar bukjasyny kabul eder

Ýewropa Bileleşiginiň Russiýa garşy täze sanksiýalar bukjasy Ýewropa Komissiýasynyň 15-nji noýabrda geçiriljek maslahatynda aýan ediler we ondan soň Ýewropa Geňeşiniň tassyklamagyna hödürlener.  

ÝB Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Jozep Borrel mesele bilen bagly: "12-nji täze sanksiýalar bukjasy bilen bagly işlerimizi tamamlaýarys. Bukja gara sanawyň giňeldilmegi, rus almazy bilen birlikde eksport çäklendirmelerini, nebitde iň ýokary bahanyň berkidilmegi we sanksiýalary aýyrmak bilen baglanşykly çäreleriň görülmegini öz düzüminde jemleýär" diýip habar berdi. 

Ýaýlym organy Bloomberg tarapyndan berilen habara görä, ÝB-niň täze sanksiýalarynyň maksady Russiýanyň bar bolan gadagançylyklary 3-nji ýurtlaryň üsti bilen aýyrmagyň öňüni almak, onuň sebäbiniň bolsa Russiýanyň şol ýurtlardan ýarag önümçiligi üçin gerek bolan bölekleri, tehnologiýany, elektron önüm üpjünçiligini amala aşyrmagydygy beýan edildi. 



Degişli Habarlar