Russiýada täjigistanly tussaglylar uruşa ugradyldy

Russiýanyň tussaghanalarynda takmynan 100 täjik tussaglynyň,  Russiýa-Ukraina uruşyna ugradylandygy mälim edildi

2023902
Russiýada täjigistanly tussaglylar uruşa ugradyldy

Täjigistanyň Içeri işler ministri Ramazon Rahimzade, Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda, Russiýadaky tussaghanalaryndan uruşa ugradylan täjik tussaglylar bilen bagly maglumat paýlaşdy. 

Russiýadaky tussaghanalarynda bolan takmynan 100 täjik tussaglynyň uruşyň başdan geçirilýän sebite ugradylandygyny aýdan Rahimzade, rus resmileriň mesele bilen bagly maglumat bermändigini, iki ýurduň arasynda onuň bilen baglanşykly maglumat paýlanşygy bilen bagly ylalaşygyň bolmandygyny habar berdi. 

Rahimzade, Russiýadaky tussaghanalaryndan sebite ugradylan täjik tussaglylar bilen bagly maglumat beren ilkinji täjigistanly resmi boldy. 

Täjigistanyň metbugaty 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina uruşynda ýogalan 20 täjik tussaglynyň şahsyýetlerini aýan edipdi. 



Degişli Habarlar