Şols Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bilen Ukrainadaky ýagdaý barada telefon arkaly söhbetdeş boldy

2006829
Şols Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Germaniýanyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Şteffen Hebestraýt tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Şols-Zelenskiý telefon söhbetdeşliginde, Ukrainadaky syýasy, harby we ynsanperwer ýagdaý ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols telefon söhbetdeşliginde ýurdunyň Russiýanyň dowam edýän agressiýasyna garşy Ukraina egsilmez raýdaşlygyny belläp geçdi. 

Olaf Şols Germaniýanyň ýewropaly we halkara hyzmatdaşlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda harby goldaw bilen birlikde beýleki goldawlar boýunça Ukrainany goldamaga dowam etjekdigini habar berdi. 

Zelenskiý hem Germaniýanyň hökümetine esasan hem agyr ýaraglar bilen birlikde Ukrainanyň howa goranyş ulgamlaryny güýçlendirmek üçin beren harby goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Şols we Zelenskiý global azyk üpjünçiligini gowulaşdyrmaga kömek berýän BMG-nyň hemaýatkärlik etmegindäki Galla geçelgesi ylalaşygynyň 17-nji iýulda täzelenemegi barada çagyryş berdi. 



Degişli Habarlar