Şols: "Türkiye bilen täze we gowy hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçiliklerden peýdalanmak isleýäris"

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Türkiyede geçirilen saýlawlardan soň Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen Türkiyäniň arasynda täze we gowy hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçiliklerden peýdalanmak isleýändiklerini habar berdi

2005686
Şols: "Türkiye bilen täze we gowy hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçiliklerden peýdalanmak isleýäris"

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçirilen ÝB Liderler sammitinden soň beýannama berdi. 

Sammitde ÝB-niň Türkiye bilen edýän gatnaşyklarynyň ele alynandygyny aýdan Olaf Şols: "Türkiye bilen täze we gowy hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçiliklerden peýdalanmak isleýäris" diýip mälim etdi. 

Olaf Şols onuň sammitde karara gelinendigini belläp, şol sebäpli ÝB Komissiýasyndan we Ýokary wekilliginden bütewi ýagdaýda ikitaraplaýyn häsýetdäki gatnaşyklaryň has hem özgerdilmegi babatynda teklipler hödürlemeklerini isländiklerini habar berdi. 



Degişli Habarlar