ABŞ-da Käbir Guramalara Kiber Hüjüm Guraldy

ABŞ-nyň Kiber howpsuzlyk gullugy, kiber hüjüme sezewar bolan federal guramalara degişli goldawyň berlendigini mälim etdi.

2000560
ABŞ-da Käbir Guramalara Kiber Hüjüm Guraldy

CNN-niň berýän habaryna görä, ABŞ-da käbir guramalara kiber hüjüm guraldy.

Resmi Waşington hüjümiň jogapkärleri hakynda hiç hili garaýyş beýan etmedi. Emma rus dilinde gepleşýän käbir toparlar soňky hepdelerde guralan şuňa meňzeş hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

ABŞ-nyň Kiber howpsuzlyk gullugy, kiber hüjüme sezewar bolan federal guramalara degişli goldawyň berlendigini mälim etdi.

Näçe gurama kiber hüjüm hakynda bolsa hiç hili maglumat berilmedi.

ABŞ-da soňky iki hepde-de Günbatarly firmalara, ýokary okuw jaýlaryna we ýerli hökümetlere kiber hüjüm guralypdy.

J10P hökmünde bilinýan rus dilinde gepleşýan topar, hüjümleriň esasy böleginin jogapkärçiligini öz üstüne aldy we haç talap etdi.

 Talaplaryna oňyn jogap berilmän halatynda, ele geçirlen maglumatlary halka ýetirjekdiklerini mälim etdi.

 


Etiketkalar: #kiber hüjüm , #ABŞ

Degişli Habarlar