ABŞ-nyň Esgerleriniň Siriýadan Çekilmegi Hakyndaky Taslama Kabul Edilmedi

ABŞ-nyň Wekiller Palatasynda amerikan esgerleriniň Siriýadan çekilmegini talap edýän kanun taslamasy kabul edilmedi.

1957172
ABŞ-nyň Esgerleriniň Siriýadan Çekilmegi Hakyndaky Taslama Kabul Edilmedi

ABŞ-nyň Wekiller Palatasy Respublikaçy halk deputaty Matt Getsiň hödürlän Prezident Jo Baýdeni ABŞ-nyň ähli goşunlaryny Siriýadan çekmäge çagyrýan kanun taslamasyny sese goýdy.

Taslama 103 kabul, 321 garşy ses berildi.

Gets, Siriýadaky terror guramasy PKK/ÝPG-niň NATO-nuň ýaranlaryndan Türkiýe bilen çaknyşmagynyň sebitde şertleri hasam çylşyrymlaşdyrýandygyny beýan etdi.

Gets, Türkiýäniň Siriýada terror guramasy DEAŞ-a garşy göreşýändigine ünsleriçekdi.

Taslamany goldan Respublikaçy halk deputat Maržori Taýlor Grin bolsa ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň Siriýada däl, ýurda neşe maddalaryny getirýän Meksikaly kartellere garşy göreşmelidigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar