Taýlantdaky ulag heläkçiliginde 11 adam ýogaldy

Taýlantda awtomagistral ýolundaky ulag heläkçiliginden soň bolan partlamada 2-si çaga jemi 11 adam ýogaldy

1936484
Taýlantdaky ulag heläkçiliginde 11 adam ýogaldy

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, Mittraphap awtomagistralynda sagatda 100 km tizlik bilen bordýury süsdi. 

Bordýura süseninden soň bolan partlamanyň netijesinde ulag ýanmaga başlady, ulagyň içindäki 12 adamyň 11-i ýogaldy. 

Wakada ýogalanlaryň 2-siniň çagadygy, ýaralanan 20 ýaşyndaky ýetginjegiň bolsa Si Khiu hassahanasynda bejergi astyna alynandygy habar berildi. 

Wakadan soň bolan ýangyn Ýangyn söndüriji toparlar tarapyndan söndürildi. 

Ulagyň Amnat Çaoren şäherinden Nakhon Pathom şäherine tarap barýandygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar