Zelenskiý: "Söweş Krymyň azat edilmegi bilen tamamlanmaly" diýdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Russiýa-Ukraina söweşiniň Krym bilen başlandygyny, Krymyň azat edilmegi bilen hem tamamlanmagynyň gerekdigini beýan etdi

1865968
Zelenskiý: "Söweş Krymyň azat edilmegi bilen tamamlanmaly" diýdi

Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krymda ýerleşýän Russiýa degişli Nowofýodorowka harby bazasynda düýn bolan partlamadan soň, Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý beýannama berdi. 

Wladimir Zelenskiý ýurdundaky söweşiň Krym bilen başlandygyny belläp: "Krym Ukraina degişlidir. Krymdan asla ýüz öwürmeris. Russiýa-Ukraina söweşi Krym bilen başlady, Krymyň azat edilmegi bilen hem tamamlanmalydyr" diýip habar berdi. 

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky çaknyşyklar Donbass sebitinde artyp, dowam edýän günlerinde, Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krymda ýerleşýän we Russiýa degişli bolan Nowofýodorowka harby bazasynda düýn 7 aýry gezek partlama boldy, partlamada 1 adamyň ýogalandygy mälim edilipdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy. 



Degişli Habarlar