Ukrainadaky Gallanyň Ýurtdan Çykarylmagynda Türkiýe Möhüm Pozisiýa Eýeleýär

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Ukrainadaky gallanyň ýurduň daşyna çykarylmagynda Türkiýäniň möhüm pozisiýa eýeleýändigini aýtdy.

1835724
Ukrainadaky Gallanyň Ýurtdan Çykarylmagynda Türkiýe Möhüm Pozisiýa Eýeleýär

Emmanuel Makron ÝB-niň Liderleriniň sammitinden soň metbugata beren beýannamasynda 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi boýunça ÝB-niň kabul eden täze kararlary bilen bilelikde käbir meseleler hakynda-da durup geçdi.

Fransiýanyň Afrika Bileleşiginiň döwürleýin başlygy Senegal bilen azyk howpsuzlygy boýunça gepleşik geçirýändigini aýdan Makron, gysga möhletde BMG-niň hemaýat bermeginde Türkiýäniň goldawy bilen Ukrainadaky 20 million tonna gallanyň ýurtdan çykarmaga synanşýandyklaryny beýan etdi.

Makron, Türkiýäniň geografiki ýerleşişi we Gara deňiz bilen bagly ylalaşyklara laýyklykda möhüm pozisiýa eýedigine ünsi çekip, gallanyň we bugdaýyň Ukrainadan çykarylmagy hakynda Prezident R.T.Erdogan bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň arasynda geçirilen gepleşiklerden oňyn netije alynandygyny aýtdy.

Fransiýanyň Prezidenti meseläniň golaýda çözülmegini tama edýändigini nygtap, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň bu meselä bolan çemeleşmesine we BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterrişiň çözgüt tagallasyna kanagatlanma bildirdi.

 



Degişli Habarlar