Owganystandaky sil apatlarynda ýogalýan adamlaryň sany artýar

Owganystandaky sil apatlarynda ýogalanlaryň sany 400 adama golaýlady

2141238
Owganystandaky sil apatlarynda ýogalýan adamlaryň sany artýar

Owganystanyň Türkmenistan serhedindäki Farýab welaýatynda başdan geçirilen sil apatlarynda azyndan 18 adam ýogalan bolsa, ýurduň demirgazyk welaýatlarynda soňky birnäçe hepde bäri täsirli bolan aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda bolsa ýogalanlaryň sany 400 adama golaýlady. 

Farýab welaýatdaky sil apatlary sebäpli azyndan 18 adam ýogaldy. 

Iki müň gektardan gowrak ekin meýdan ýerleri ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi, 1000-den gowrak öýe zeper ýetdi we 300-den gowrak mal öldi. 

Ghor welaýatynda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda azyndan 50 adamyň ýogalandygy we onlarça adamyň dereksiz ýitendigi mälim edildi. 

Owganystanyň demirgazygyndaky Baglan, Badahşan we Tahar welaýatlarynda geçen hepde başdan geçirilen sil apatlary uly ýitgileriň çekilmegine sebäp boldy. 

Ady agzalan sil apatlarynda 300-den gowrak adam ýogalypdy. 

Owganystanda her ýyl ýüzlerçe adam tebigy apatlar sebäpli ýogalýar. 



Degişli Habarlar