Ysraýylyň Gazadaky harby ýitgileri artýar

Hamasyň harby şahasy Izeddin al-Kassam brigadasy Gaza zolagynyň günortasyndaky Rafah şäheriniň gündogarynda ýene-de 5 ysraýylly esgeri öldürendiklerini habar berdi

2141322
Ysraýylyň Gazadaky harby ýitgileri artýar

Kassam brigadasynyň Telegram hasabyndan berilen ýazmaça beýanatda: "Mujahidlerimiz Sionist pyýada goşunyna degişli esgerleri mina bilen nyşana almagy başardylar" diýip habar berildi. 

Rafah şäheriniň gündogaryndaky Tabiin metjidiniň töwereginde geçirilen operasiýada 5 ysraýylly esgeriň ölendigi, 1 ysraýylly esgeriň ýaralanandygy mälim edildi. 

Kassam brigadasyndan düýn berilen beýanatlarda bolsa, Rafah şäheriniň gündogarynda 15 ysraýylly esgeriň öldürilendigi, Jibaliýe bosgun düşelgesinde hem Ysraýyla degişli 1 sany "Apache" kysymly dikuçaryň ýere gaçyrylandygy habar berilipdi. 

Ysraýylyň goşuny 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri 628 esgeriniň ölendigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar