Ukraina Russiýa degişli harby uçary ot açyp ýere gaçyrdy

Ukraina Donetsk sebitinde Russiýa degişli Su-25 kysymly harby uçary urup düşürdi

2141288
Ukraina Russiýa degişli harby uçary ot açyp ýere gaçyrdy

Ukrainanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Rus harby uçarlar ýere gaçmaga dowam edýär. 110-njy Mehanizirlenen brigada degişli ukrainaly söweşijiler Donetsk sebitinde ýene-de 1 sany Rus Su-25 harby uçaryny ýere düşürdi. Bu bolsa maý aýynyň başyndan bäri 110-njy Mehanizirlenen brigada tarapyndan ýere gaçyrylan 4-nji rus harby uçar boldy" diýip habar berildi. 

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainanyň basylyp alynmagy barada buýruk beripdi, şeýlelik bilen Russiýa-Ukraina uruşy başlapdy. 

Putin Kiýewiň NATO agza bolmagynyň öňüni almak we ony Russiýanyň täsiri astynda saklamak üçin ýurduň ýaragsyzlandyrylmagyny we nasistlerden saplanmagyny maksat edinýändigini habar beripdi. 



Degişli Habarlar