Jonson Bilen Zelenskiý, Çaga Dogrulýan Öýe Guralan Hüjümi Ýazgardy

Boris Jonson bilen Wladimir Zelenskiý telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1793058
Jonson Bilen Zelenskiý, Çaga Dogrulýan Öýe Guralan Hüjümi Ýazgardy

Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson bilen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Britaniýa tarapyndan berlen beýannamada, Zelenskiniň Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri sebäpli jezalandyrylmagy üçin sanksiýalaryň göwüminiň giňeldilmegini isländigi we Britaniýanyň ýurduna berýän harby kömekleri üçin sagbolsun aýdandygy nygtaldy.

Britaniýanyň Premýer-ministri Jonson telefon söhbetdeşliginde Russiýa goýlan sanksiýalaryň artdyrylmagy meselesinde söz berendigi bellenildi.

Beýannamada, iki lideriň rus güýçleriniň Mariupol şäherinde çaga dogrulýan öýe guralan elhenç hüjümi we rus güýçleriniň ynsanperwer kömek geçelgeleri meselesinde gazanylan ylalaşygy basgylamagyny ýazgarandygy nygtaldy.

Beýannamada, Jonsonyň, Putiniň halkara adam hukuklaryny basgylamaga dowam edýändigine ünsi çekendigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar